icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

13 iýun 2025

337

Konsullyk meseleleri boýunça Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Ýerewan şäherinde Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministrliginiň konsulluk gullugy departamentiniň başlygy Döwletmurat Muratow, ermeni tarapyna bolsa Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk müdirliginiň başlygy Artur Petrosýan ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Fiziki we ýuridiki şahslaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, raýatlyk meselelerine, şeýle hem iki ýurduň raýatlarynyň özara syýahat etmeginiň şertlerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar degişli teswirnama gol çekdiler we konsullyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi